Gazagystanda sufi tekgesi tapyldy

10 otagdan ybarat binanyň 15-19-njy asyrlaryň arasynda hyzmat edendigi nygtalýar

1469059
Gazagystanda sufi tekgesi tapyldy

 

Gazagystanyň Türkistan şäherinde ýerleşýän Hoja Ahmed Ýasawy türbedinin golaýynda sufi tekgesi tapyldy.

Gazagystanyň Medeni ylmy barlaglar institutyndan berlen beýanatda, Türkistanyn Kultöbe etrapçasynda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde sufi tekgesinin tapylandygy nygtaldy.

Beýanatda, 10 otagdan ybarat binanyň 15-19-njy asyrlaryň arasynda hyzmat edendigi nygtalýar.

Gazuw-agtaryş toparynyň ýolbaşçysy Andreý Hazbulatow, tekgäniň Hoja Ahmet Ýasawiniň türbediniň golaýynda ýerleşmegi we gonamçylyklaryň türbediň günortasyna seretmegi taýdan Ýasawynyň guran sufizm akymyna degişlidigini aýtdy.



Degişli Habarlar