“Ermenistanyň, Azerbaýjana we Türkiýä garşy bolan maksadyna ýetmegine asla ýol bermeris”

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy Sabiha Gafarowa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1466740
“Ermenistanyň, Azerbaýjana we Türkiýä garşy bolan maksadyna ýetmegine asla ýol bermeris”

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy Sabiha Gafarowa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kärdeşi Gafarowanyň Gurban baýramyny gutlan Mustafa Şentop, Ermenistanyň soňky döwürde guraýan hüjümlerine garşy Türkiýäniň Azerbaýjana goldaw berýändigini nygtady.

Şentop telefon söhbetdeşliginde, Ermenistanyň halkara hukugyna äsgermezçilik edýäň soňky hüjümlerine garşy Prezident R. T. Erdoganyň başda durmagynda özüniň hem  beýanat berendigini nygtady we Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlygy bütin dünýä görkezendiklerini ýatlatdy.

Şentop, howa we gury ýer güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bilelikdäki harby türgenleşigiň, Türkiýäniň Azerbaýjana goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezendigini belledi.

Şentop, “Ermenistanyň, Azerbaýjana we Türkiýä garşy bolan maksadyna ýetmegine asla ýol bermeris” diýdi.

Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy Sabiha Gafarowa hem “Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky doganlyk diňe Ermenistana garşy däl eýsem bütin dünýä garşy doganlykdyr” diýip belledi.

Türk dünýäsiniň başynda Türkiýäniň bardygyny nygtan Gafarowa, bu jebisligiň we doganlygyň ähli zatdan üstündigini nygtady.



Degişli Habarlar