Türkiýe bilen Azerbaýjan tarapyndan bilelikde geçirilen harby türgenleşik dowam edýär

Harby türgenleşige iki ýurdyň guryýer we howa güýçleri gatnaşýar

1465837
Türkiýe bilen Azerbaýjan tarapyndan bilelikde geçirilen harby türgenleşik dowam edýär

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň harby-howa we guryýer güýçleriniň Azerbaýjanda başladan giň-gerimli harby türgenleşigi dowam edýär. 

Harby türgenleşigiň Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonom Respublikasynda dowam edýän böleginde düýn ssenariý laýyklykda hüjüm etmek barada buýruk berildi. 

Köp sanda taňklaryň we sowutly ulaglaryň gatnaşmagynda geçirilen türgenleşigiň düýnki bölüminde harby uçarlar we dikuçarlar hem uçuşlar amala aşyrdylar. 

Harby türgenleşige iki ýurdyň guryýer we howa güýçleri gatnaşdylar.

Harby-howa güýçleriniň türgenleşikleri Baku, Nahiçewan, Genje, Kürdemir we Ýewlahda dowam eder we 10-njy awgustda tamam bolar. 

Guryýer güýçleriniň türgenleşigi bolsa Baku we Nahiçewanda geçiriler we 5-nji awgusta çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar