Serdar Denktaş Prezidentlige Dalaşgärligini Yglan Etdi

DKTR-nda Demokrat partiýanyň Lefkoşadan halk deputaty Serdar Denktaş 11-nji oktýabrda geçiriljek prezident saýlawyna dalaşgärligini yglan etdi

1464726
Serdar Denktaş Prezidentlige Dalaşgärligini Yglan Etdi

Ýurdy esaslandyran Prezident Rauf Denktaşyň ogly Serdar Denktaş, Lefkoşada geçiren metbugat ýygnagynda DKTR-da prezident saýlawlarynyň parlament saýlawlarynda tapawutly netijeleri ýüze çykarýandygyny beýan etdi.

Denktaş Kipr türkleriniň adadaky we sebitdäki bähbitleriniň goralmagy hem-de halkara arenasynda laýyk bolan pozisiýasyna eýe bolmagy üçin işlejekdigini aýtdy.

DKTR-da ozal 26-njy aprelde geçiriljekdigi yglan edilen prezident saýlawy koronawirus sebäpli Respublikan Mejlis tarapyndan 11-nji oktýabra süýşürilipdi.



Degişli Habarlar