Prezident Erdogan Azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly özara söhbetdeş boldylar

1465099
Prezident Erdogan Azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen söhbetdeş boldy

Azerbaýjanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä Aliýew, Erdogana jaň edip, ony Gurban baýramy bilen gutlady.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň günsaýyn has hem özgerýändigine hoşallyk bildiren liderler, gatnaşyklaryň mundan beýläk hem güýçlenmäge dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilýän giň gerimli harby türgenleşikleriň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini aýdan Erdogan we Aliýew, harby türgenleşigi iki ýurdyň dostlyk we doganlyk gatnaşyklarynyň başga bir mysaly hökmünde häsýetlendirdiler.

Prezident Aliýew, soňky günlerde Ermenistanyň harby öjükdiriji hereketleriniň netijesinde başdan geçirilen wakalar bilen baglanşykly Erdoganyň Azerbaýjana berýän tutanýerli goldawyny takdyr edýändiklerini habar berdi.

Erdogan we Aliýew, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary bilen baglanşykly beýleki meseleleri hem maslahatlaşdylar.



Degişli Habarlar