Bilelikdäki harby türgenleşik başlady

Howa güýçleri bilen başlan türgenleşige iki ýurduň harby uçarlary we dik uçarlary gatnaşýar

1464332
Bilelikdäki harby türgenleşik başlady

 

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň gury ýer we howa güýçleriniň, Azerbaýjanda bilelikde geçirýän giň gerimli harby türgenleşigi başlady.

Howa güýçleri bilen başlan türgenleşige iki ýurduň harby uçarlary we dik uçarlary gatnaşýar.

Baku, Nahiçewan, Genje, Kürdemir we Ýewlah ýaly 5 şäherde geçiriljek türgenleşik 10-njy awgusta çenli dowam eder.

Gury ýer güýçleriniň türgenleşigi bolsa Bakuda we Nahiçewanda awgust aýynyň 1-5-i aralygynda geçirler.

 

 



Degişli Habarlar