Türkiýe Azerbaýjan bilen harby türgenleşik geçirer

Harby türgenleşik Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde we Nahiçewan Awtonom Respublikasynda 1-5-nji awgust aralygynda geçiriler

1462883
Türkiýe Azerbaýjan bilen harby türgenleşik geçirer

Türkiýe we Azerbaýjan tarapyndan geçiriljek giň gerimli harby türgenleşige gatnaşjak türk esgerleriň käbirleri Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonom Respublikasyna bardylar. 

Türk esgerler, Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Sederek gümrük geçelgesinde Aras derýasynyň üstündäki Umyt köprüsinde dabara bilen garşylandy. 

Dabarada Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Milli senalary ýaňlandy, baýdaklar çalşyldy. Dabaradan soň esgerler Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonom Respublikasyndaky harby birikmelere ýerleşdirildi. 

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde we Nahiçewan Awtonom Respublikasynda 1-5-nji awgust aralygynda geçiriljek türgenleşikde, biri-birinden tapawutly buýruklar ýerine ýetiriler, sowutly ulaglardan, toplardan we granatamýotlardan duşman diýip bellenen nyşanalara od açylar. 



Degişli Habarlar