Fuat Oktaý şu gün Özbegistanyň wise-premýerini kabul eder

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Özbegistanyň wise-premýeri Sardor Umurzakowy şu gün ertirlik naharynda kabul eder

1462114
Fuat Oktaý şu gün Özbegistanyň wise-premýerini kabul eder

Özbegistanyň wise-premýeri Sardor Umurzakow ondan soň bolsa ýanyndaky wekiliýet bilen birlikde türk işewür adamlar we käbir ministrlikleriň wekilleri bilen duşuşyklar geçirer. 

"Täze görnüş koronawirus pandemiýa şertlerinde Ykdysady diplomatiýa: Özbegistan we Türkiýe tejribesi" programmasynda şu gün agşam çykyş etjek Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Özbegistanyň wise-premýeri Sardor Umurzakow bilen epidemiýa döwründe Özbegistan bilen ykdysady gatnaşyklara goldaw berýän türk işewür adamlaryna hormat hatlaryny gowşurar. 

Fuat Oktaý, Özbegistandan gelen wekiliýet bilen Prezidentiň kompleksinde sişenbe güni, Türkiýe-Özbegistan bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatyna gatnaşar. Maslahatda 2019-njy ýylyň iýul aýynda geçirilen Türk-Özbek maslahatynda tassyklanan hereket meýilnamalary gözden geçiriler. 


Etiketkalar: #Fuat Oktaý , #Özbegistan

Degişli Habarlar