"Doganlyk türk halky agyr günlerinde Azerbaýjana goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezdi"

Ministr Baýramow, Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoraly kabul etdi

1460934
"Doganlyk türk halky agyr günlerinde Azerbaýjana goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezdi"

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň hüjümlerine garşy türk ýolbaşçylarynyň beren goldaw ýüzlenmeleri, doganlyk türk halkynyň agyr günlerinde Azerbaýjana goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezendigini belledi.

Ministr Baýramow, Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoraly kabul etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanata görä, Baýramowyň wezipä başlamagyndan soň ilki Türkiýäniň ilçisini kabul etmeginiň tötlänleý bolmandygy, kabul edilşigiň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we strategik hyzmatdaşlygyň görkezijidigi nygtaldy.

Iki ýurduň arasyndaky ýokary hyzmatdaşlyga ünsi çeken Baýramow, şol hyzmatdaşlygyň mundan soň has-da pugtalanjakdygyna doly ynanýandygyny belledi.

Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň 12-nji iýulda Azerbaýjana guran hüjümi barada durup geçen ministr Baýramow “Wakalara ser salnanda hüjümiň ozal meýilleşdirlendigini açyk aýdyň görmek bolýar. Birnäçe ýurt we halkara gurama Azerbaýjana goldaw berdi. Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen daşary işler we goranmak minisrtleriniň beýanatlary, doganlyk türk halkynyň agyr günlerimizde beren goldawy biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

Ilçi Özaral hem Ermenistanyň hüjümlerinde şehit bolanlar üçin gynanç bildirdi.

 



Degişli Habarlar