"Prezident Erdogana uly minnetdarlyk bildirýärin"

Aliýew “Türk halkyny halaýaryn” diýdi

1459445
"Prezident Erdogana uly minnetdarlyk bildirýärin"

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň ýurduna guraýan hüjümlerine garşy özlerine goldaw berýän Prezident R. T. Erdogana sagbolsun aýtdy.

Aliýew “Türk halkyny halaýaryn” diýdi.

Azerbaýjanda şehitleriň hossarlaryna we gahrymanlara döwlet tarapyndan ýaşaýyş jaýy we ulag sowgat edildi.

Prezident Aliýew ýaşaýyş jaýlarynyň we ulaglaryň gowşurlyş dabarasynda eden çykyşynda, Ermenistanyň 12-nji iýulda ýurduna guran hüjümleri hakynda durup geçdi we bu meselede Azerbaýjana ilkinji goldawyň Türkiýe tarapyndan berlendigini ýatlatdy.

Prezident Erdoganyň Azerbaýjana uly goldaw berýändigini ýatladan Aliýew “Erdogan, iki doganlyk ýurduň biri-birine goldaw berjekdigini aýtdy. Bu goldawy üçin doganyma uly minnetdarlyk bildirýärin. Ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Maňa telefon  edip goldaw berdi we şehitlerimiz üçin gynanç bildirdi. Bize ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy” diýdi.

Türkiýe bilen Azerbaýjan ýaly biri-birine şeýle ýakyn başga ýurtlaryň ýokdygyny nygtan Aliýew, “Men hem hemişe dostum we doganym Erdogana uly sarpa goýdum. Türk halkyny halaýaryn. Şol bir watgtda Türkiýäniň beýleki ýokary derejeili ýolbaşçylary, goranmak ministri, daşary işler ministri, halk deputatlary Azerbaýjana doly goldaw berýändiklerini nygtadylar” diýdi.



Degişli Habarlar