Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy

Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde bolan çaknyşyklarda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy

1456488
Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, serhet ýakasyndaky Towuz şäherinde ertiriň irki sagatlaryndan bäri çaknyşyklaryň bolýandygy nygtaldy.

Beýanatda, çaknyşyklarda Ermenistanyň ýaragly güýçlerinden 20 esgeriň öldürlendigi, 1 sowutly ulag bilen radioelektroniki harby ulagyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden hem 1 esgeriň şehit bolandygy nygtaldy.

Ermenistanyň ýaragly güýçleri 12-nji iýulda serhetýakasyndaky Towuz şäherine hüjüm edipdi.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň hüjüme gawtawul bermegi sebäpli ýitgi çeken ermeni güýçleri yza çekilipdi.

Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 4 esger ýogalypdy, 4 esger hem ýaralanypdy.

Soňky günlerde hem dowam eden çaknyşyklarda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1-i general maýor bolmak bilen 7 esger şehit bolupdy.



Degişli Habarlar