BMG Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki çaknyşyklara alada bildirýär

Guterreş, çaknyşyklaryň bes edilmegi, dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek çykyşlardan gaça durulmagy üçin çagyryş berdi

1454531
BMG Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki çaknyşyklara alada bildirýär

 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde bolan çaknyşyklara uly alada bildirýändigini nygtap, çaknyşyklaryň bes edilmegi, dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek çykyşlardan gaça durulmagy üçin çagyryş berdi.

Guterreş beýanatynda, Azerbaýjan-Ermenistanda serhedinde agyr ýaraglar bilen guralan we adam pidalaryna sebäp bolan çaknyşyklara alada bildirýändigini nygtady.

Antoniu Gutereş, uzak ýyllardan bäri dowam edýän Garabag meselesiniň paraahtçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin goldaw bermegi teklip edýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Ermenistanyň ýaragly güýçleri öňňin serhetýakasynda ýerleşýän Towuz etrabyna hüjüm edipdi. Azerbaýjanyň hüjüme gaýtawul bermeginden soň ýitgi çeken ermeni güýçleri yza çekilipdi.

Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly gýçlerinden 4 esger şehit bolupdy, 4 esger hem ýaralanypdy.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri hem ermeni güýçlerine degişli ýerleri, harby radar bekedini, ulag ammaryny, tanklaryny we sowutly ulaglaryny nyşana alypdy.



Degişli Habarlar