Ilham Aliýew, Türkiýäniň beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy

"Türkiýäniň Erdoganyň liderliginde Kovid-19-a garşy alyp barýan göreşini takdyr edýärin"

1450055
Ilham Aliýew, Türkiýäniň beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, täze görnüş epidemiýasyna garşy göreşe goldaw bermek maksady bilen Türkiýäniň ýurduna beren lukmançylyk enjamlary kömegi üçin Prezident R. T. Erdogana sagbolsun aýtdy.

Prezident Ilham Aliýew, Prezident Erdogana ýazan hatynda, Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi we kesellilere şypa diledi.

Erdoganyň 5-nji iýulda ýazan haty üçin hem sagbolsun aýdan Aliýew, Türkiýäniň Erdoganyň liderliginde Kovid-19-a garşy alyp barýan göreşini takdyr edýändigini belledi.

Aliýew hatynda: “Beýleki ugurlarda bolş ýaly Kovid-19-a garşy göreşde hem Azerbaýjan bilen Türkiýe “Bir millet iki döwlet” şygaryna laýyklykda bilelikde hereket edýär. Koronawirusyň bilelikde hötdesinden geljekdigimize ynanýaryn. Öz adymdan we azerbaýjanyň halkynyň adyndan, doganlyk Türkiýe Respublikasy tarapyndan ugradylan ynsanperwer kömekleri üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlygyň we dostlukly gatnaşyklary açyk aýdyň görkezýär. Size jan saglygy we rowaçlyk, doganlyk türk halkyna hem asudalyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin” diýdi.

Düýn Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça Azerbaýjana lukmançylyk enjamlary kömegi ugradylypdy.



Degişli Habarlar