Türkiýe Azerbaýjana lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

Prezident Erdogan hatynda, epidemiýa sebäpli ýogalan azerbaýjanlylar üçin gynanç bildirdi, bejergisi dowam edýän kesellilere hem şypa diledi.

1449394
Türkiýe Azerbaýjana lukmançylyk enjamlary kömegini berdi

 

Türkiýäniň, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan göreşine goldaw bermek maksady bilen Azerbaýjana ugradan lukmançylyk enjamlary kömegi Bakuwa bardy.

Lukmançylyk enjamlary kömegi Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral tarapyndan, Azerbaýjanyň Prezident Aparatynyň Daşarky syýasatlar departamentiniň başlygy Hikmet Hajiýewe gowşuryldy.

Lukmançylyk enjamlary kömegi bilen birlikde Prezident R. T. Erdoganyň Azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewe ýazan haty hem ilçi Özoral tarapyndan Hikmet Hajiýewe gowşuryldy.

Hatynda Azerbaýjanda Kovid-19-a garşy görülýän çäreler bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtan Erdogan “Biz bir millet iki döwlet şygary bilen dost we doganlyk Azerbaýjana ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar. Şol çäkde, jan Azerbaýjanyň epidemiýa garşy alyp barýan göreşine goldaw bermek maksady bilen lukmançylyk enjamlaryny ugradýarys” diýildi.

Prezident Erdogan hatynda, epidemiýa sebäpli ýogalan azerbaýjanlylar üçin gynanç bildirdi, bejergisi dowam edýän kesellilere hem şypa diledi.

Hikmet Hajiýew hem metbugata beren beýanatynda “Prezident Erdoganyň tabşyrygy boýunça ugradylan ýardamlar üçin sagbolsun aýdýarys. Bu ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň görkezijisidir. Azerbaýjan bilen Türkiýe Kovid-19-a garşy bilelikdäki göreşini dowam etdirer” diýdi.



Degişli Habarlar