Azerbaýjan Türkiýeden ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny alar

Azerbaýjan Türkiýeden ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny aljakdygyny habar berdi

1441088
Azerbaýjan Türkiýeden ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny alar

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, telewideniýa kanallaryň birinde eden çykyşynda, Azerbaýjanyň goşunynyň täze ýaraglary we ulaglary almak bilen bagly meseläniň üstünde durup geçdi. 

Gepleşigiň alyp baryjysy "Türkiýede öndürilen ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Siriýada we Liwiýada üstünliklere eýe boldy. Azerbaýjanyň Türkiýeden bu ulaglary almak niýeti barmy?" soragyna Zakir Hasanow: "Bu ugurda işlerimiz dowam edýär. Indi netijede almaga başladyk" diýip habar berdi. 

Ministr Zakiw Hasanow doganlyk Türkiýäniň şol bir wagtda harby ugur boýunça Azerbaýjana maliýe taýdan hem kömek berendigini, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň birnäçe wagt ozal bu babatdaky şertnamany tassyklandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar