Gyrgyzystanyň ozalky Prezidenti 11 ýyl 2 aý azatlykdan mahrum ediler

Atambaýewiň emlägi elinden alyndy, berilen ähli döwlet sylaglarynyň yzyna alynmagy barada karara gelindi

1441665
Gyrgyzystanyň ozalky Prezidenti 11 ýyl 2 aý azatlykdan mahrum ediler

Gyrygyzystanda jenaýat guramasynyň lideri Aziz Batukaýewiň azat edilmeginden jogapkär hasaplanýan, ýurdyň ozalky Prezidenti Almazbek Atambaýew 11 ýyl 2 aý azatlykdan mahrum ediler. 

Perwomaý etrabynyň kazyýetiniň kazysy Emilbek Kaýypowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen kazyýet diňlenşigine Almazbek Atambaýew getirilmedi, saklanmadyk beýleki aýyplanýanlar bolsa diňlenşige şahsy ýagdaýda gatnaşdylar. 

Kazyýet diňlenşiginiň netijesinde "Korrupsiýa toparyny döretmek" aýyplamasy sebäpli Almazbek Atambaýew 11 ýyl 2 aý azatlykdan mahrum edildi. 

Atambaýewiň emlägi elinden alyndy, berilen ähli döwlet sylaglarynyň yzyna alynmagy barada karara gelindi. 

Ýurtdaky tussaghanalarda ady belli bolan we 16 ýyl azatlykdan mahrum edilmegine garamazdan 8 ýylyny tussaghanada geçiren asly Çeçenistanly Batukaýew, 2013-nji ýylyň aprel aýynda azat edilipdi we Çeçenistana hususy bir uçar bilen gitmegi halkda nägilelik döredipdi.  

2011-2017-nji ýyllar aralygynda Prezident wezipesini ýerine ýetiren Atambaýew, polisiýa işgärleriniň geçiren operasiýasy bilen 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda göz tussaglygyna alynypdy. 



Degişli Habarlar