Gyrgyzystanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

Muhammedkalyý Abylgaziýew galplyk edendigi baradaky öňe sürmeler sebäpli wezipesinden çekilendigini habar berdi

1436572
Gyrgyzystanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

Gyrgyzystanyň Premýer ministri Muhammedkalyý Abylgaziýew beren ýazmaça beýanatynda, radio tolkun lentasynyň giňeldilmegi we täzelenmegi dawasy bilen baglanşykly hökümete we özüne garşy bildirilen öňe sürmeleriň bardygyny belledi. 

Abylgaziýew: "Maňa bildirilen aýyplamalar esassyz. Derňew işiniň netijesinde jogapkärleriň anyklanjakdygyny umyt edýärin. Derňew işinden emele gelen näbellilik sebäpli hökümet berk ýagdaýda işläp bilmez. Şol sebäpli wezipämden çekilmek barada karara geldim" diýip habar berdi. 

Gyrgyzystanda aprel aýynda käbir döwlet ýolbaşçylaryna garşy radio tolkun lentasynyň giňeldilmegi we täzelenmegi etabynda, döwlete maddy zyýan ýetirmek aýyplamasy sebäpli kazyýet işi gozgalypdy. 

Derňew işiniň çäginde, atlary aýan edilmedik käbir ýokary derejeli ýolbaşçylar göz tussaglygyna alynypdy. 

 



Degişli Habarlar