Türkiýe we Azerbaýjan wiza erkinligini öz düzüminde jemleýän ylalaşygy tassykladylar

Türkiýäniň Azerbaýjan bilen gol çekişen ylalaşygy bilen bagly karar resmi gazetde çap edildi

1428718
Türkiýe we Azerbaýjan wiza erkinligini öz düzüminde jemleýän ylalaşygy tassykladylar

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 25-nji fewralda gol çekişilen Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda ikitaraplaýyn häsýetde wiza erkinliginiň döredilmegi baradaky ylalaşygyň güýje girmegi baradaky karar resmi gazetde çap edildi. 

Şoňa laýyklykda iki ýurdyň raýatlary beýleki tarapyň ýurduna girmek, tranzit geçmek we wagtlaýyn galmak üçin öz ýurtlarynyň degişli guramadyr-edaralarynyň mümkinçilik berýän wagtynyň çäginde galmak şerti bilen 90 gün möhlet bilen wiza almak jogapkärçiliginden erkin bolar. 


Etiketkalar: #wiza , #Türkiýe , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar