Türkiýe Krym tatarlarynyň hak-hukuklarynyň we bähbitleriniň goralyp saklanmagy üçin tagalla eder

" Krym tatar edilşigi taryha gara tegmil hökmünde geçdi"

1419597
Türkiýe Krym tatarlarynyň hak-hukuklarynyň we bähbitleriniň goralyp saklanmagy üçin tagalla eder

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýe Respublikasy hökmünde Krym tatarlarynyň hak-hukuklarynyň we bähbitleriniň goralyp saklanmagy üçin halkara derejesinde tagalla etmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ibrahim Kalyn, Krym tatar sürgün edilşiginiň 76-njy ýylynda çap eden ýüzlenmesinde, 1944-nji ýylyň 18-nji maýynda Krym ýarymadasynda ýaşaýan Krym tatarlarynyň, Sowet soýuzy tarapyndan öýlerinden, ýurtlaryndan çykarlyp dürli ýurtlardaky lagerlere sürgün  edilendigini aýtdy.

Sürgün sebäpli ýaşuly-ýaşkiçi, çaga zenan diýmezden birnäçe adamyň ýolda agyr şertler sebäpli ýogalandygyny aýdan Kalyn, döwrebap asyryň iň gynandyryjy wakalaryndan biri bolan Krym tatar sürgüniniň taryha gara tegmil hökmünde geçendigini belledi.

Kalyn, wakanyň 76 ýyl ozal başdan geçirlendigine garamazdan Krym tatarlarynyň hak-hukuklarynyň yzyna berilmändigine ünsi çekdi



Degişli Habarlar