Türkiýe Krym tatarlaryna goldaw bermäge dowam eder

Hami Aksoý, Krymyň ýerli halky bolan Krym tatarlarynyň 76 ýyl ozal şu günki ene watanlaryndan sürgün edilendiklerini nygtady

1419538
Türkiýe Krym tatarlaryna goldaw bermäge dowam eder

 

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoý, Türkiýäniň ene watanlaryndan zor bilen sürgün edilen Krym tatarlaryna we doganlyk Kawkaz halklaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

Mesele hakyndaky soraga ýazmaça jogap beren Hami Aksoý, Krymyň ýerli halky bolan Krym tatarlarynyň 76 ýyl ozal şu günki ene watanlaryndan sürgün edilendiklerini nygtady.

250 müňe golaý Krym tatarynyň esasy böleginiň ýolda ýada sürgün edilen ýerlerinde ýogalandygyny aýdan Aksoý, Krym tatarlarynyň 1944-nji ýyldaky sürgünden soň onlarça ýylyň dowamynda ene wagatnlaryna Krym ýarymadasyna gelip bilmändigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň, Krym tatarlarynyň ene watanlarynda asuda ýagdaýda ýaşamaklary üçin geçmişde bolşy ýaly şu günki günde hem Krym tatarlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatladan Aksoý “Pursatdan peýdalanyp Ukrainanyň territorial bitewiligine goldaw berýändigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar