Azerbaýjanda 10 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirilýär

Türgenleşik 22-nji maýa çenli dowam eder

1419386
Azerbaýjanda 10 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirilýär

 

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 10 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirýär

Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Prezident İlham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda Goranmak ministri Zakir Hasanowyň ýolbaşçylygynda başlan giň gerimli harby türgenleşige 10 müň esger gatnaşýar.

Hem gündiz hem-de gije dowam etjek türgenleşige 120 tank we sowutly ulag, 200 raketa we top ulgamy, 30 uçar we dikuçar gatnaşýar.

Türgenleşik 22-nji maýa çenli dowam eder.



Degişli Habarlar