Gazagystandaky tokaý ýangyny gözegçilik astyna alyndy

Gazagystanyň gündogar sebitidäki tokaýlyk ýerde penşenbe güni ýüze çykan ýangyn gözegçilik astyna alyndy

1405521
Gazagystandaky tokaý ýangyny gözegçilik astyna alyndy

 

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasy tarapyndan berilen beýanatda, ýangynyň düýn agşam söndürilendigi bellenip, 3 müň 948 gektar ýere zyýan ýetendigi aýan edildi. 

Gündogar Gazagystan welaýatyndaky Semeý döwlet tokaý zolagynda penşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 15:00-da başlan ýangyny söndürmek işlerine 100 ulag we 400 işgär bilen birlikde 2 dikuçar gatnaşdy. 


Etiketkalar: #ýangyn , #tokaý , #Gazagystan

Degişli Habarlar