Tatar: "Türkiýe hemişe bolşy ýaly ýene-de biziň ýanymyzda" diýdi

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar, täze görnüş koronawirusa garşy göreş etabynda Türkiýäniň hemişe bolşy ýaly ýene-de DKTR-nyň ýanyndadygyny belledi

1398607
Tatar: "Türkiýe hemişe bolşy ýaly ýene-de biziň ýanymyzda" diýdi

DKTR-de ilkinji gezek 10-njy martda nemes syýahatçylaryň birinde koronawirus wakasyna gabat gelinmegi bilen berk çäreleriň görülmäge başlanandygyny aýdan Ersin Tatar, bu meselede dünýäniň ençeme ýurdundan çalt çäreler görendiklerini habar berdi. 

Ersin Tatar: "DKTR-de Kovid-19 boýunçä häzirki etapda durnukly görkezijilere eýediris. Her gün 2-3 sany waka bolýar, olar hem aragatnaşykda bolandyklary sebäpli bolýar. Saglygy goraýyş ulgamymyz we hassahanalarda döreden mümkinçiliklerimiz bilen, häzirki wagtda keselli bolan adamlaryň sanyndan has hem köp adama gözegçilik edip biljek mümkinçilige eýediris" diýip belledi. 

Hassahanalarda bejergi alýan we sany 60-a ýeten syrkawlaryň sanynyň 33-e çenli azalandygyny aýdan Tatar, şol adamlaryň hem ýuwaş-ýuwaş öýlerine ugradylmaga başlanandygyny aýan etdi. 

Premýer ministr Ersin Tatar, jemi 100 adamyň koronawirusa ýolygan DKTR-de, wirus sebäpli 2 nemes syýahatçynyň we 2 öz raýatlarynyň ýogalandygyny ýatladyp, şol sebäpli gynanjyny bildirdi. 

DKTR-de wirusa gabat gelinmeginden soň 800-e golaý nemes syýahatçynyň karantin astyna alynandygyny aýdan Tatar, koronawirus testleri položitel çykan 30 nemes raýatyň bejergi etabyndan soň, öz ýurtlaryna ugradylandygyny mälim etdi. 

Ersin Tatar: "Ata Watan Türkiýe hemişe bolşy ýaly, ýene-de DKTR-nyň ýanynda. Koronawirus epidemiýasy başlanyndan bäri hem Saglygy goraýyş ministri Fahrettin koja, hem-de Wise-prezident Fuat Oktaý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldym. Olardan goldaw soradym. Türkiýeden wekiliýetler geldi. Lukmançylyk enjamy we saglygy goraýyş taýdan görülen çäreler baradaky geňeşmelerimiz dowam edýär. Türkiýe bu uly kynçylygyň hötdesinden gelýärkä, hemişe bolşy ýaly DKTR-e hem goldaw bermegini dowam etdirdi. Ähli dogalarymyz türk halkyna" diýip belledi. 

Premýer ministr Ersin Tatar, Prezident Rejep Taýýip Erdogana we hökümetine berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar