Fuat Oktaý, DKTR-da 1974-nji ýyldan bäri ýapyk bolan Maraş etrabyna bardy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Maraş hakynda ýolbaşçylardan  maglumat aldy

1360001
Fuat Oktaý, DKTR-da 1974-nji ýyldan bäri ýapyk bolan Maraş etrabyna bardy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda 1974-nji ýyldan bäri ýapyk bolan Maraş etrabyna bardy.

Fuat Oktaý bilen birlikde Adalat ministri Abdulhamit Gül, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Mahir Ünal, Türkiýäniň DKTR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Murat Başçeri bilen DKTR-nyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Kudret Özersaý hem Maraşa bardy.

Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti Maraşda, Kipr parahatçylyk güýçleriniň serkerdesi, general maýor Sezai Öztürk tarapyndan garşylady.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Maraş hakynda ýolbaşçylardan  maglumat aldy.

 

 

 


Etiketkalar: #serkerde , #DKTR , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar