Gazagystan bilen Täjigistan Uhandaky raýatlaryny ýurduna getirdi

i Gazagystan Hytaýdan 217 raýatyny ýurduna getirdi

Gazagystan bilen Täjigistan Uhandaky raýatlaryny ýurduna getirdi

Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministri Ýelžan Birtanow, Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda 217 adamyň Hytaýyň paýtagt Pekinden ýurda getirlendigini nygtady.

Ministr Birtanow “Hytaýdan gelen raýatlarymyz saglyk gözegçiliginden geçirildi we olaryň hiç birinde koronawirusa gabat gelinmedi” diýdi.

Gazagystan üstümizdäki aýyň ýaşynda täze görnüşli koronawirus epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan Uhan şäherinden hem 83 raýatyny ýurduna getiripdi.

Täjigistan hem koronawirus epidemiýasy sebäpli Uhan şäherine ýörite uçar ugradyp 46 raýatyny ýurduna getirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda “46 raýatymyz ýörite uçar bilen paýtagt Duşembäniň golaýyndaky harby howa menziline getirildi” diýildi.

 



Degişli Habarlar