"Saýlawlaryň doganlyk Azerbaýjan üçin düşümli bolmagyny dileýäris”

Türkiýe, saýlawda Täze Azerbaýjan partiýasynyň gazanan üstünligi sebäpli Ilham Aliýewi gutlady

"Saýlawlaryň doganlyk Azerbaýjan üçin düşümli bolmagyny dileýäris”

 

Türkiýe, Azerbaýjanda geçirlen saýlawda Täze Azerbaýjan partiýasynyň gazanan üstünligi sebäpli partiýanyň ýolbaşçysy Prezident Ilham Aliýewi gutlady.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Milli Mejlisiň agzalarynyň kesgitlenilmegi üçin geçirlen saýlawlaryň doganlyk Azerbaýjan üçin düşümli bolmagyny dileýäris” diýildi.

Beýanatda, “Saýlawlarda gazanan üstünligi mynasibetli Prezidenti Ilham Aliýewi we ýolbaşçylygyndaky Täze Azerbaýjan partiýasyny mähirli gutlaýarys”diýildi.

Beýanatda “Saýlawlaryň ýurduň çar tarapynda asuda ýagdaýda geçirilmeginden hoşal” diýildi.

Ýurtda bellige alynan 5 million 387 müň saýlawçy 125 agzaly mejlisiň täze agzalaryny kesgitlemek üçin ses berdi.

Saýlawda 299-y zenan 1324 dalaşgär bäsledi. Saýlawa 77 müň 700-i ýerli, 880 hem daşary ýurtly synçy gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar