ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Özbegistana bardy

ABŞ Orta Aziýa üçin täze strategiýa taýarlaýar

1352204
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Özbegistana bardy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, ýurdunyň Orta Aziýa üçin täze strategiýa taýarlaýandygyny aýtdy.

Resmi sapar bilen Daşkende baran Maýk Pompeo, Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.

Kamilow bilen Pompeo duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Pompeo, Özbegistanyň soňky ýyllarda din we söz azatlygy ýaly birnaçe ugurda uly öňe gidişlik edendigini nygtady we ýurdunyň Özbegistanda maliýe we salgyt ulgamlaryndaky reforma işlerine tehniki taýdan goldaw bermäge taýardyklaryny ýatlatdy.

Özbegistanyň Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny bellän Pompeo, ABŞ-nyň Özbegistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin 1 million dollarlyk maliýe kömegini berjekdigini belledi.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow hem Özbegistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly ýagdaýda ösýändigini aýtdy.

Özbegistanyň daşary syýasatynyň “sebitde ýakyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna” esaslanýandygyna ünsi çeken Kamilow, “Orta Aziýany durnukly ýagdaýda ösýän we hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýän sebit hökmünde görmek isleýäris”diýdi.

Kamilow ýurdunyň ABŞ-nyň alyp barýan Owganystan syýasatyndan hoşaldygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar