Ermeni esgerleriniň ot açmagy sebäpli Azerbaýjanly 1 esger şehit boldy

Ermeni esgerleri Gazah welaýatynyň Kuşçu Aýrym obasyna ot açdy

Ermeni esgerleriniň ot açmagy sebäpli Azerbaýjanly 1 esger şehit boldy

 

Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde, ermeni esgerleriniň ot açmagy sebäpli Azerbaýjanyň harby goşunyndan 1 esger şehit boldy.

Azerbaýjan tarapyndan mesele hakynda berlen beýanatda, Ermenistanyň harby goşunynyň, Gazah welaýatynyň Kuşçu Aýrym obasyna ot açandygy nygtaldy.

Beýanatda, ermeni esgerleri tarapyndan ot açylmagy sebäpli Azerbaýjanyň harby goşunyndan Ferzeli Ferzeliýewiň şehit bolandygy ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar