“Türkiýä  goýulýan maýa goýumlary 20 milliard dollara ýeter”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Söwda ministri Ruhsar Pekjany kabul etdi

1330131
“Türkiýä  goýulýan maýa goýumlary 20 milliard dollara ýeter”

Prezident Aliýew 2019-njy ýylyň Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary taýdan üstünlikli geçendigini beýan etdi.

Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini we onuň şu günki günde ýokary derejededigini nygtan Aliýew, ykdysadyýet, maýa goýumy, energetika, ulaglar we medeniýet ugurlarynda ýygy hyzmatdaşlygyň bardygyny aýtdy.

Aliýe iki taraply maýa goýumlar boýunça hem gowy netijeleriň alynandygyny belläp: “Azerbaýjan şu günki güne çenli Türkiýä 17 milliard dollardan gowrak, Türkiýe bolsa Azerbaýjana 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy. SOKAR-yň täze maksatnamalary, taze maýa goýum taslamalary bar. Bular hem iş ýüzüne geçse biziň Türkiýä goýan maýa goýumlarymyzyň mukdary 20 milliard dollara ýeter” diýdi.

Ministr Pekjan bolsa Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky İslege bagly söwda şertnamasyna golaýda gol çekişilmeginiň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.

SOKAR-yň Türkiýedäki maýa goýumlarynyň iňňän möhümdigini aýdan Pekjan: “Biziň SOKAR-y doly goldaýarys. Enşalla täze maýa goýumlaryna garaşýarys. Fewral aýynda Türkiýede Azerbaýjanyň maýa goýum şertleri boýunça maslahat geçirmegi meýilleşdirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar