Özbegistanda geçirlen saýlawyň netijeleri belli boldy

Saýlawlarda ýurtdaky 5 syýasy partiýadan jemi 750 dalaşgär Mejlisdäki 150 kürsü üçin bäsleşdi

1328173
Özbegistanda geçirlen saýlawyň netijeleri belli boldy

 

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mirza Ulubek Abduselamow, düýn ýurtda geçirlen saýlawlarda Liberal demokrat partiýasynyň 43, Milli ösüş partiýasynyň 35, Adalat we sosýal demokrat partiýasynyň 21, Halk demokrat partiýasynyň 18 we Ekalogiýa partiýasynyň hem Mejlisde 11 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazanandygyny aýtdy.

Abduselamow saýlawa bolan gatnşyň 67, 8 göterimdigini we saýlawda 13 million 355 müň 911 saýlawçynyň ses berendigini belledi.

Ýurtdaky jemi 150 saýlaw merkeziniň 128-de halk deputatlarynyň birinji tapgyrda saýlanandygyny aýdan Abduselamow, 22 saýlaw merkezinde bolsa iň köp ses alan iki dalaşgär üçin iki hepdäniň dowamynda saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini nygtady.

“Täze Özbegistan, täze saýlawlar” şygary bilen geçirlen saýlawlarda ýurtdaky 5 syýasy partiýadan jemi 750 dalaşgär Mejlisdäki 150 kürsü üçin bäsleşdi.

Saýlawlarda iň köp ses alan partiýa premýer ministrlige dalaşgärini Prezidente hödürlär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar