Azerbaýjan TÜRKPA-nyň maslahatyna ýer eýeçiligini edýär

Azerbaýjan TÜRKPA-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy

1325663
Azerbaýjan TÜRKPA-nyň maslahatyna ýer eýeçiligini edýär
oktay asadov turkpa.jpg
sentop turkpa1.jpg

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilýän Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA-nyň maslahatyna, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Oktaý Asadow, Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Nurlan Nigmatulin, Gyrgyz Respublikasynyň Mejlisiniň başlygy Dastanbek Jumabekow bilen TÜRKPA-nyň Baş sekretary Altynbek Mamaýusupow gatnaşdy.

Maslahaty açan TBMM-niň başlygy Şentop, 11 ýaşyny dolduran we halkara gurama hökmünde uly tejribä eýe bolan TÜRKPA-nyň täsiriniň geljekde has-da güýçlenjekdigini aýtdy.

Şentop “Dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň, türk dünýäsiniň çar tarapynda adalatyň we ösüşüň üpjün edilmegini arzuw edýäris. Maksadymyza ýetimek üçin özara gatnaşyklarymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň güýçlendirilmegi üçin tagalla edýäris. Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi guraýan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna berilýän goldaw biziň üçin has möhüm” diýdi.

Şentop, TÜRKPA-nyň ýakyn geljekde Garaşsyz türk döwletleriniň mejlisleriniň bir guramanyň çäginde birleşjekdigini umyt edýändigini nygtady.

Şentop çykyşyndan soň TÜRKPA-nyň ýolbaşçylygynyň simwoly bolan tokmagy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Asadowa gowşurdy. Şeýlelikde Azerbaýjan TÜRKPA-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Mejlis , #Azerbaýjan , #TÜRKPA

Degişli Habarlar