Özbegistanyň Hywa şäheri 2020-nji ýylda Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk eder

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäher birnäçe medeniýete we dine ýer eýeçiligini etdi

Özbegistanyň Hywa şäheri 2020-nji ýylda Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk eder

 

2019-njy ýylda Türk dünýäsine medeni paýtagtlyk eden Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde geçirlen Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik komitetiniň 37-nji maslahaty öz işini tamamlady.

Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Azamat Jamankulow, maslahatyň ýapylyş dabarasynda eden çykyşynda, Özbegisanyň Hiwa şäheriniň bir ağyzdan 2020-njy ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagtlygyna saýlanandygyny habar berdi.

Jamankulowyň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahata TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow, Azerbaýjanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Rafig Baýramyw, Gazagystanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nurkisa Daýesow, Özbegistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Kamola Akilowa, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslan, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myrataliýew bilen birlikde guramanyň synçy agzasy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Bilim we medeniýet ministri Nazym Çawuşogly gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar Hywa şäheriniň tanyşdyrylyş filmine tomaşa etdi.

Özbegistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Kamola Akilowa maslahatda eden çykyşynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäheriň birnäçe medeniýete we dine ýer eýeçiligini edendigini belledi.

Akilowa Hywa şäheriniň 1990-njy ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi UNESJO-nyň dünýäniň medeni miras sanawyna alnandygyny ýatlatdy.

Özwegistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Kamola Akilowa şäherdäki “Içan gala” açyk howa muzeýiniň Özbegistanyň iň gadymy muzeýlerinden biridigini belledi.



Degişli Habarlar