Gazagystanda Türki dilli halklaryň ilkinji ýazgylary bilen bagly çäre geçirildi

Gazagystanda Türki dilli halklaryň ilkinji gadymy ýazgylarynyň anyklanmagynyň 126 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

1312063
Gazagystanda Türki dilli halklaryň ilkinji ýazgylary bilen bagly çäre geçirildi

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde Türki dilli halklaryň ilkinji gadymy ýazgylarynyň rasşifrowat edilmeginiň 126 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Beýik Halk jemgyýeti tarapyndan Gazagystanyň Milli muzeýinde geçirilen çärede Türki dilli halklaryň ilkinji ýazgylary bilen bagly film görkezildi. Dabara gatnaşyjylar ýazgylaryň taryhy bilen bagly çykyşlar ýerine ýetirdiler.

Beýik Halk jemgyýetiniň başlygy Meruert Kurmangaliýewa 25-nji noýabryň Türki dilli halklaryň ilkinji ýazgylarynyň anyklanan günüdigini belläp: “Türki dilli halklaryň gadymy ilkinji ýazgylary, Türki dilli halklaryň birleşmeginiň esasyny emele getirýär. Maksadymyz medeniýetiň, sungatyň we taryhyň üsti bilen Türki dilli döwletleri birleşdirmek” diýip habar berdi.

Türki dilli halklaryň ilkinji ýazgylarynyň anyklanan güni bolan 25-nji noýabryň Türki dilli döwletleriniň ählisi tarapyndan bellenip geçilmegini arzuw edýändigini aýdan Meruert Kurmangaliýewa: “Öňümizdäki ýyl bular ýaly çäreleriň ähli Türki dilli döwletlerde bellenip geçilmegini umut edýäris” diýip beýan etdi.

Çärä türkologlar, alymlar, gazak, gyrgyz, nogaý, türkmen, altaý, uýgur, gagawuz, tatar, hakas we beýleki Türki dilli halklaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türki dilli halklaryň ilkinji ýazgylary, ilkinji gezek 1893-nji ýylyň 25-nji noýabrynda daniýaly lingwist Wilhelm Thomsen tarapyndan rasşifrowka edildi.



Degişli Habarlar