Bagdad Amreýew Atatürki hatyralama güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türk Geňeşiniň Baş sekretary  Bagdad Amreýew, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykmagynyň 81-nji ýyly mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1303594
Bagdad Amreýew Atatürki hatyralama güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türk Geňeşiniň Baş sekretary  Bagdad Amreýew ýüzlenmesinde: “Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Atatürkiň esaslandyran Türkiýe Resublikasy, dünýä parahatçylygyna we syýasy düzgünine berýän ideologik goşantlary, ynkylap düşünjeleri we ýokary liderlik aýratynlyklary bilen 20-nji asyra gadam basdy, bütin dünýä döwletleri üçin uly bir ylham çeşmesi boldy we bolmaga dowam edýär” diýip belledi.

Atatürkiň öňdengörüjilikli bir döwlet adamsy bolandygyna ünsleri çeken Amreýew: “Onuň reformist pikirleri ýatlanyp, hatyralanmagyna sebäp bolan şu gün mynasybetli, Türk Geňeşindäki ähli egindeşlerim bilen Türk milletiniň Atasyny hormat bilen hatyralaýaryn” diýip nygtady.



Degişli Habarlar