Türkiýe bilen Azerbaýjan 2020-nji ýyldaky harby hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady

Paýtagt Bakuwda 5-nji noýabrda başlan 12-nji Azerbaýjan-Türkiýe Ýokary derejeli harby dialog maslahat öz işini tamamlady

Türkiýe bilen Azerbaýjan 2020-nji ýyldaky harby hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannama görä Baş ştabyň ikinji başlygy korpus generaly Metin Gürak bilen Azerbaýjanyň Goranmak ministriniň orunbasary korpus generaly Kerim Weliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahatda iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklar we ediljek hyzmatdaşlyklar seljerildi.

Maslahatda iki ýurduň arasyndaky 2020-nji ýyl üçin harby hyzmatdaşlyk iş meýilnamasy kesgitlendi we degişli teswirnama gol çekişildi. Teswirnama Baş ştabyň ikinji başlygy korpus generaly Metin Gürak bilen Azerbaýjanyň Goranmak ministriniň orunbasary korpus generaly Kerim Weliýew gol goýdy.

Nobatdaky maslahat Türkiýede geçiriler.



Degişli Habarlar