Täjigistanyň serhet galasyna ýaragly hüjüm guraldy

Täjigistanyň Özbegistan serhedindäki serhet galasyna 20 adamlyk ýaragly toparyň guran hüjüminde 2 täjik esgeri ýogaldy

Täjigistanyň serhet galasyna ýaragly hüjüm guraldy

Täjigistanyň Serhet gullugynyň metbugat merkezinden berilen beýannama görä ýerli wagt boýunça 3:23-de Sultanabad harby birikmesinin İşkobod serhet galasyna 20 adamdan ybarat maskaly ýaragly topar hüjüm gurady.

Bolan çaknyşykda hüjümi guranlardan 15 sanysy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 5 sanysy ýaralandy.

Mesele boýunça derňew işi geçirilýär.



Degişli Habarlar