Azerbaýjan Türkiýäniň terrora garşy göreşine goldaw berdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşini dolulygyna goldaýandyklaryny habar berdi

Azerbaýjan Türkiýäniň terrora garşy göreşine goldaw berdi

Zakir Hasanow, 12-nji Azerbaýjan-Türkiýe Ýokary derejeli Harby dialog maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Baku baran Baş Ştabyň 2-nji başlygy Metin Gürakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Zakir Hasanow, duşuşykda, ýurdunyň goranmak mümkinçiligini artdyrmak üçin Türkiýe bilen harby hyzmatdaşlygyny giňeldendigini, munyň bolsa sebitde durnuklylygyň üpjün edilmeginde möhüm rol oýnaýandygyny belledi. 

Terrora garşy göreşde şehit bolan türk esgerleriniň maşgalalaryna gynanç bildiren Hasanow, separatizme garşy göreş alyp barýan ýurt hökmünde Azerbaýjanyň Türkiýäniň doly ýagdaýda goldaýandygyny beýan etdi. 

 


Etiketkalar: goldaw , Azerbaýjan

Degişli Habarlar