Türkiýe Gazagystana 6 aýda 275 million dollarlyk maýa goýdy

Türkiýe üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda Gazagystana 275 million dollarlyk maýa goýdy

1300443
Türkiýe Gazagystana 6 aýda 275 million dollarlyk maýa goýdy

 

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň Maýa goýum komitetiniň görkezijilerine görä, ýurda üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda goýlan göniden daşary ýurtly maýa goýumyň mukdary 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,1 göterim azalyp 12,1 milliard dollara barabar boldy

2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Gazagystana maýa goýan ýurtlaryň sanawynda 3,4 milliard dollar bilen Gollandiýa birinji orny eýeledi.

ABŞ 2,9 milliard dollar bilen 2-nji, Şweýsariýa 1 milliard dollar bilen 3-nji, Hytaý 922 million dollar bilen 4-nji, Russiýa 632 million dollar bilen 5-nji, Fransiýa 527 million dollar bilen 6-njy, Belgiýa 516 million dollar bilen 7-nji, Britaniýa 336 million dollar bilen 8-nji orny eýeleýär.

Türkiýe 275 million dollar bilen sanawda 9-njy orny eýeleýär

Türkiýe, geçen ýylyň birinji ýarymynda Gazagystana 147,9 million dollarlyk maýa goýlupdy

 

 

 


Etiketkalar: #maýa goýum , #Gazagystan

Degişli Habarlar