Azerbaýjanly halk deputaty Paşaýewa, Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw berdi

Paşaýewa “Türkiýe, ABŞ-nyň sebitdäki iň uly oýunyny bozdy” diýdi

1298863
Azerbaýjanly halk deputaty Paşaýewa, Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw berdi

Azerbaýjanly halk deputaty Ganire Paşaýewa, Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw berdi

Demirgazyk Makedoniýada geçirlen maslahata gatnaşan Azerbaýjanly halk deputaty Ganire Paşaýewa, Günbatarly ýurtlaryň Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşine böwet bolýandygyny aýtdy

Ganire Paşaýewa, “Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy geçirlen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda garaýyş beýan etdi.

Paşaýewa “Türkiýe, ABŞ-nyň sebitdäki iň uly oýunyny bozdy” diýdi.

ABŞ-nyň Wekiller palatasynda kabul edilen ermeni tezislerini goldaýan we Türkiýä garşy sanksiýa goýulmagyny göz öňünde tutýan kararyny hem tankyt eden Paşaýewa, “Egilşiksiz tutumyndan ýüz öwürmegi üçin Türkiýä basyş edilýär” diýdi.

Terrora garşy göreşde iki ýüzli çemeleşýän Günbatarly ýurtlaryň Türkiýä garşy syýasat alyp barýandygyny aýdan Paşaýewa, Türkiýäniň Türk dünýäsi üçin liderdigine aýratyn ünsi çekdi.

Azerbaýjanly halk deputaty Ganire Paşaýewa Türkiýe üçin şehit bolmaga taýardyklaryny aýtdy

 



Degişli Habarlar