Ali Asadow Azerbaýjanyň täze Premýer ministri boldy

Azerbaýjanyň Milli mejlisi ýurduň täze premýer ministrini saýlamak üçin jemlenişdi

1283909
Ali Asadow Azerbaýjanyň täze Premýer ministri boldy

 

Azerbaýjanyň Premýer ministri Nowruz Memmedow wezipesinden çekildi ýerine Ali Asadow saýlandy

Azerbaýjanyň Milli mejlisi ýurduň täze premýer ministrini saýlamak üçin jemlenişdi

Mejlisiň başlygy Oktaý Asadow, Premýer ministr Nowruz Memmedowyň iş başyndan çekilýändigi hakyndaky arzasyny Prezident İlham Aliýe hödürländigini aýtdy

Asadow, Memmedowyň arzasynyň kabul edilendigini, Prezident İlham Aliýewiň Premýer ministrlige Prezidentiň ykdysadyýetden jogapkär orunbasary Ali Asadowy teklip edendigini belledi.

Ali Asadow Mejlisde geçirlen sese goýulşykda Azerbaýjanyň täze Premýer ministri hökmünde saýlandy

Premýer ministr Asadow sese goýulşykdan soň eden çykyşynda özüne bildirlen ynam üçin sag bolsun aýtdy

1956-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Nahiçewanda doglan, 1978-nji ýylda Moskwanyň Halk ykdysadyýet institutyny tamamlan Asadow, sowet döwründe Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynda dürli wezipeleri ýerine ýetirdi.

Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň 1995-nji ýylda halk deputatlygyna saýlanan Asadow, 1998-nji ýylda Prezidentiň ykdysadyýetden jogapkär orunbasary hökmünde bellendi.

 



Degişli Habarlar