Şu gün Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk güni

Türkiýe Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk gününiň jebisligiň ösýän döwründe bellenilip geçilýändigini beýan etdi

Şu gün Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk güni

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geneşiniň  döredilmegi baradaky Nahiçewan ylalaşygyna 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda gol çekişilendigi ýatladylýar.

Ylalaşyga Türkiýäniň, Azerbaýwanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň liderleri tarapyndan gol çekişilendigi we gol çekilen gününiň “Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk güni” hökmünde bellenilip geçilýändigine üns çekilýän beýannamada; “10 ýyllygy bellenilip geçilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk gününi 15-nji oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuw şäherinde guraljak Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji ýokary derejeli maslahatyna Özbegistanyň doly agza hökmünde gatnaşmagyna we Türk geňeşiniň Ýewroa ofisiniň işe girişmegine şaýatlyk edýän, şeýlelikde jebisligimiziň ösýän döwründe belläp geçýäris” diýilýär.

Geçen 10 ýylda Türk geňeşiniň konstruktiw özbolyşlyga eýe bolmagy ugrunda möhüm başlangyçlaryň edilendigine üns çekilýän beýannamada; “Geňeşiň hyzmatdaşlyk edýän TÜRKPA, TÜRKSOÝ, Türk Akademiýasy, Türk Medeniýet we Miras Gaznasy, Türk İşewürler Geňeşi we Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Söwda we Senagat Birleşmesi arkaly agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar hasam giňeldildi. Dost we dogan türki dilli döwletleriň umumy dilden, taryhdan we medeniýetden güýç alýan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geneşi Ýewraziýa sebitinde parahatçyyga, durnuklylga we abadançylyga möhüm goşantlar goşmak ugrunda geljege tarap ynam bilen barýar” diýilýär.

Türk Geňeşi 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň teklibine laýyklykda döredilipdi.



Degişli Habarlar