Uýgurlar Belgiýada Hytaýyň özlerine garşy ulanýan syýasatyny protest etdiler

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýygnanan ýüzlerçe uýgur, Hytaýyň özlerine garşy ulanýan syýasatyny protest etdiler

Uýgurlar Belgiýada Hytaýyň özlerine garşy ulanýan syýasatyny protest etdiler

Tapawutly jemgyýetçilik guramalar tarapyndan gurnalan protestde demonstrantlar, Ýewropa Parlamendiň öňündäki Lýuksemburg meýdançasyndan, Ýewropa Bileleşigi komissiýasynyň we Geňeşiniň ýerleşýän ýeri bolan Şuman meýdançasyna çenli ýörediler. 

Ol ýerde okalan bildirişde Hytaýdan bilim we ýygnama bazalarynyň ýapylmagy, dini azatlyga hormat goýulmagy barada çagyryş berildi, Ýewropa ýurtlaryndan Hytaýa adam hukuklarynyň düzgünleriniň bozulmagynyň bes edilmegi üçin basyş edilmegi talap edildi. 

Hytaýa garşy şygarlar aýdylýan demonstrasiýada, demonstrantlar uýgurlary goldap ýazylan ýazgyly şygarlar göterdiler. 

 


Etiketkalar: uýgur , Hytaý , Belgiýa

Degişli Habarlar