"Türkiýe yraklylara uly goldaw berýär"

Yrak Türkmen frondynyň başlygy Eşref Salihi Türkiýäniň Erbildäki Baş konsuly Hakan Karaçaý bilen duşuşdy

"Türkiýe yraklylara uly goldaw berýär"

Yrak Türkmen frondynyň başlygy Eşref Gani, Türkiýäniň Yragyň territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagyna we yraklylara uly goldaw berýändigini aýtdy.

Salihi iş saparynyň çäginde Türkiýäniň Erbildäki Baş konsuly Hakan Karaçaý bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Türkiýäniň yraklylara uly goldaw berýändigini aýdan Salihi “Türkiýe Yragyň territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagyna goldaw beren goňşy ýurt we yraklylara ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýär” diýdi.

Türkiýäniň Erbildäki Baş konsuly Hakan Karaçaý hem Salihi bilen birnäçe mesele hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar