Türkiýe Özbegistanda altyn gözleg işlerini alyp barar

"Özbegistanyň ýerasty baýlyklarynyň ýurduň galkynyşyna goşant goşmagy üçin tejribelerimizi paýlaşmaga taýar”

Türkiýe Özbegistanda altyn gözleg işlerini alyp barar

 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Özbegistanda geçirilýän altyn gözleg işleriniň depgininiň güýçlendiriljekdigini aýtdy.

Ministr Dönmez Özbegistanda geçirlen Orta Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Energetika ministrleriniň maslahatyndan soň Anadoly Habarlar gullugyna beýanat berdi.

Dönmez Orta Aziýanyň tebigy çeşmeler taýdan baý ýurtdygyny emma infstrukturada käbir kemçilikleriň bardygyny nygtady bu meselede uly tejribä eýe bolan Türkiýäniň tejribelerini paýlaşmaga taýardygyny aýtdy.

Fatih Dönmez, geçen ýyl Özbegistanyň Geologiýa we mineral çeşmeler komiteti bilen Magdan ylmy barlag müdürliginiň arasynda üç altyn käninde gözleg işleriniň alnyp barylmagy üçin şertnama baglaşylandygyny ýatlatdy.

Ministr Dönmez “Özbegistan altyn magdany taýdan dünýäde iň baý ýurtlardan biri we 4-nji ýerde durýar. Biz hem bu meselede uly tejribä eýe. Özbegistanyň ýerasty baýlyklarynyň ýurduň galkynyşyna goşant goşmagy üçin tejribelerimizi paýlaşmaga taýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar