“Türkiýe Gyrgyz Respublikasynda 600 million dollarlyk maýa goýdy”

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasyna garaşsyzlyk taryhynda 600 million dollarlyk maýa goýandygyny beýan etdi

“Türkiýe Gyrgyz Respublikasynda 600 million dollarlyk maýa goýdy”

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Soorbaý Jeenbekow Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasyna garaşsyzlyk taryhynda 600 million dollarlyk maýa goýandygyny beýan etdi

Türk maýadarlaryndan biriniň Bişkekde guran myhmanhanasynda geçirilen Gyrgyz-Türk İçewürler Masahatyna gyrgyz ministrleri we halk deputatlary, Türkiýeden Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan we iki  ýurduň işewür adamlary gatnaşdylar.

Jeenbekow maslahatda sözlän sözünde: “Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşykda özara söwda mukdaryny 400 million dollardan 1 milliard dollara ýetirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdyk. Şonuň üçin maksada ýetirjek başlangyçlar edilmeli” diýdi.

Türk maýadarlaryny Gyrgyz Respublikasynda transport, energetika, kommunikasiýalar we syhahatçylyk pudaklarynda maýa goýmaga çagyran Jeenbekow: “Türk işewürlerini maýa goýmaga çagyrýaryn. Türk hyzmatdaşlarymyza gapylarymyz elmydama açyk. Türk hyzmatdaşlarymyz bilen arkalaşygymyz ähli taraplaýyn ösdürmek isleýäris” diýdi.

Soorbaý Jeenbekow Gyrgyz Respublikasynda öndürilýän et, bal, hoz, gury fasol we kakadylan miweleriň Türkiýäniň bazarlarynda görmek isleýändiklerini aýtdy.

Jeenbekow Prezident Erdogan bilen geljek aý Azerbaýdanda duşuşjakdyklaryny we şol duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem aýtdy.

 



Degişli Habarlar