Azerbaýjanyň Hazar deňizine gaçan harby uçary tapyldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, uçaryň gaçan ýeriniň kesgitlenendigi, gözleg işlerine türk hünärmenleriň hem gatnaşandygy we uçaryň käbir bölekleriniň çykarylandygy mälim edildi

1250876
Azerbaýjanyň Hazar deňizine gaçan harby uçary tapyldy

Azerbaýjanda 24-nji iýul güni agşam tälim uçuşyny ýerine ýetirýärkä Hazar deňizine gaçan MIG-29 kysymly harby uçarynyň bölekleri, Türkiýe Respublikasynyň Deňiz güýçleri serkerdeliginiň Suwasty gözleg we halas ediş topary tarapyndan tapyldy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen baýanatda, Hazar deňizine gaçan Azerbaýjanyň Harby-howa güýçlerine degişli MIG-29 kysymly uçaryň tapylmagy üçin sebite baran ýöriteleşdirilen toparyň, uçaryň böleklerini ROV anjamy bilen tapandygy mälim edildi. 

Ozal Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, uçaryň gaçan ýeriniň kesgitlenendigi, gözleg işlerine türk hünärmenleriň hem gatnaşandygy we uçaryň käbir bölekleriniň çykarylandygy mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar