Jeenbekow Atambaýewiň kanunlary bozýandygyny aýtdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Soorbaý Jeenbekow ozalky Prezidenti Almazbek Atambaýewiň Konstitutsiýanyň we kanunlaryň düzgünlerini bozýandygyny aýtdy

1250071
Jeenbekow Atambaýewiň kanunlary bozýandygyny aýtdy

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä Jeenbekowyň ýolbaşçylyk etmeginde Howpsyzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlisde çykyş eden döwlet Ýolbaşçysy Almazbek Atambaýewiň kanuna görä derňew işleriniň alynyp barylmagyna berk garşylyk görkezip, Gyrgyz Respublikasynyň Konstitutsiýasynyň we kanunlarynyň düzgünlerini bozýandygyny nygtady.

Jeenbekow Gyrgyz Respublikasynyň kanuny döwletdigini nygtap, döwletiň borjunyň ähli raýatlar tarapyndan kanunlary gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Prezdeitn hukugyň üstünligini üpjün etmek, parahatçylygy we howpsyzlygy gorap saklamak üçin degişli çäreleriň görülmelidigin nygtady.

 



Degişli Habarlar