Gazagystandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany ikä ýetdi

Gazagystanyň Türkistan welaýatynda ok-däri ammarynda düýn ýangyn sebäpli başlan partlamada ýogalan adamlaryň sanynyň 2-ä, ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 89-a ýetendigi mälim edildi

1224496
Gazagystandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany ikä ýetdi

Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Türkistanyň Arys şäherinde ýurdyň Ýaragly güýçlerine degişli ok-däri ammarynda ýüze çykan ýangyn sebäpli bolan partlamada 2 adamyň ýogalandygy, 18-i çaga 89 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, hassahanalardaky ýaralanan adamlaryň we golaýdaky etraplarda döredilen merkezlerdäki Arys şäheriniň ýaşaýjylarynyň ýanlaryna baryp, olardan maglumat aldy.

Düýn ýerli wagt bilen sagat 09:00-da Türkistan welaýatynyň Arys şäheriniň golaýynda ýurdyň Ýaragly güýçlerine degişli ok-däri ammarynda partlamalar bolupdy, 39 müňden gowrak ilatly şäheriň ýaşaýjylary goňşy etraplarda döredilen merkezlere göçürilipdi.

Ýarag ammarynda ýüze çykan ýangynyň näme sebäpli başlandygyny derňemek ýörite topar döredildi. Goranmak ministrligi ammaryň içindäki ýaragyň we ok-däriniň takmynan ýarsynyň partlandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #partlama , #ammar , #Gazagystan

Degişli Habarlar