DKTR-nyň Premýer ministri Tatar Kiprde federasiýa ähtimallygynyň galmandygyny aýtdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersin Tatar Kipr meselesinde federasiýa ähtimallygynyň ortadan aýrylandygyny beýan etdi

1220246
DKTR-nyň Premýer ministri Tatar Kiprde federasiýa ähtimallygynyň galmandygyny aýtdy

Türk habarlar gullugy “Kipriň” habar bermegine görä Premýer ministr Tatar TMT Mujahitler jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Premýer ministr Tatar kabul edişlikde sözlän sözünde DKTR-ny güýçlendirmek we galkyndyrmak, Kipriň türk halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak, şu topraklardaky hak-hukuklary hem-de bähbitleri goramak üçin göreşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Kipr meselesiniň çözgüdi barada-da durup geçen Tatar; “Federasiýa tapgyrynda ähtimallygy galmady, alternatiw pikirler ara alynyp maslahatlaşylmaly” diýdi.

Tatar ÝB-niň öňbaşçylyk etmeginde iki döwletiň gepleşikler geçirip biljekdigini ilkinji gezek hökümetiň maksatnamasyna ýazandyklaryny belläp: “Türkiýe Respublikasynyň iň ygtyýarly adamlary hem bu barada aýdýar. Şol ugurdaky gepleşikler tapgyrynyň başlamagynyň hiç hili manysy ýok” diýdi.

Grekleriň alyp barýan işleriniň Gündogar Ortaýer deňzinde halkara hukugyna bap gelmeýändigini we türk tarapyna äsgermezçilik edýändigini nygtan Tatar: “Bulary kabul etmek mümkin däl. Hak-hukuklarymyzy we bähbitlerimizi egilşiksiz goramaga dowam ederis, hökümetimiz hem şol düşünjä laýyklykda iş alyp barar” diýdi.

Premýer ministr Tatar Ýakyn Gündogardaky we Gündogar Ortaýer deňzindäki wakalara, Türkiýäniň pozisiýasyna we Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň soňky günlerdäki beýanatlaryna ünsi çekip: “Göreşimize artykmajy bilen goldaw berilýär. Ol iňňän möhüm” diýdi.



Degişli Habarlar