Tokaýew kasam edip wezipesine girişdi

Kasym Jomart Tokaýew kasam edip, wezipesine girişdi

Tokaýew kasam edip wezipesine girişdi

Gazagystanda geçirilen möhletinden irki prezident saýlawynda üstün çykan Kasym Jomart Tokaýew kasam edip, wezipesine girişdi. Ýurtda 9-njy iýunda geçirilen prezident saýlawynda iň köp ses alan Tokaýewiň Garaşsyzlyk köşkünde geçirilen kasam ediş dabarasyna ozalky Prezident Nursoltan Nazarbaýew bilen bilelikde ministrler kabinetiniň agzalary, halk deputatlary, Gazagystanda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ilçileri bilen köp sanly resmiler gatnaşdy.

Tokaýew halka adyl hyzmat etjekdigine, kanunlary gyşarnyksyz berjaý etjekdigine, raýatlaryň hak-hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirjekdiklerine kasam etdi.

Tokaýew Merkezi Saýlaw toparynyň başlygy BErik İmaşewiň prezidentlik şahadatnamasyny gowşurmagyndan soň çykyş edip, Gazagystanyň Strategik ähmiýetli taslamasynyň iş ýüzüne geçirilmegi ugrunda tagalla etjekdigini, ozalky Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň strategiýasyny dowam etjekdirjekdigini aýtdy.

Tokaýew gazak telekeçilerini goldajakdygyny, ýurtda maýa goýumlaryny çekjekdigini we olara hemaýat etjekdigini, telekeçiligi goldajakdygyny we orta gatlagy emele getirjekdigini nygtap; “Maksadym halkyň jebisligini üpjün etmek we her bir raýatyň hukuklaryny goramak” diýdi.

Tokaýew jemgyýet bilen häkimiýetiň arasyndaky dialogyň ösmeginiň halky aladalandyrýandygyny, şeýle dialogyň plýuralizme esaslanmalydygyny nygtap, jemgyýetiň ähli gatlaklkarynyň wekillerini özünde jemleýän Milli Jemgyýetçilik Ynam Geňeşini döretjekdigini aýtdy.

Hökümetiň halka beren wadalarynda durmalydygyny nygtan Tokaýew; “Diňe şeýle bolanda halkyň jebisligini we ýurduň durnuklylygyny gorap bileris” diýdi.



Degişli Habarlar